| Ashgabat | 38°C
Syýasat 13.08.2026, 13:43 4

Migrasiýa boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Migrasiýa boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Gazagystandaky Missiýasynyň ýolbaşçysy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda migrasiýa hereketlerini dolandyrmak, migrantlaryň hukuklaryny goramak we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler kesgitlenildi.

Halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda ekologik ýagdaýlaryň hem-de Hazar sebitiniň durnukly ösüş ýörelgeleriniň nazara alynmagynyň möhümdigi bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!