| Ashgabat | 34°C
Ykdysadyýet 31.08.2026, 18:49 3

Türkmenistanyň bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek baradaky öňe süren başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek baradaky öňe süren başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy
Фото: https://mfa.gov.tm

Şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Ykdysady Hyzmastdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň we Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisiniň Gülistan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

Olaryň dowamynda YHG-ä agza döwletleriň arasynda bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek baradaky Türkmenistanyň öňe süren başlangyjynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda Bilelikdäki söwda zolagyny döretmegiň söwda alyş-çalşyny giňeltmek, üstaşyr gatnawlary artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly YHG sebitiniň ösüşine möhüm goşant goşup biljekdigi bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!