| Ashgabat | 36°C
Gyzykly maglumat 14.08.2026, 18:53 6

Tölegli okaýan talyplar üçin täzelik!

Tölegli okaýan talyplar üçin täzelik!

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýyllyk 5 göterim bilen «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär. Karzyň möçberi okuwyň tölegini tölemek baradaky şertnama laýyklykda ýa-da hasap sypatnamasynda görkezilen möçberde nagt däl görnüşinde 5 ýyl möhlet bilen berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde girew emlägi ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy kabul edilýär.

Müşderileriň ýüz tutmalaryny we degişli resminamalary bankyň resmi internet sahypasy «www.tnbk.tm» arkaly onlaýn görnüşinde kabul edilýär. Bankyň şahamçalarynyň salgylaryny we telefon belgilerini bankyň resmi internet sahypasyndan alyp bolýar.

Habarlaşmak üçin ekranda görýän telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

+993(12) 44-02-65
44-03-04

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!