| Ashgabat | 34°C
Jemgyýet 23.08.2026, 12:07 1

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyk işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyk işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Lukman Arkadagymyz merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan taslamalar bilen tanyşdy.

Bu ýerde Halkara ylmy-kliniki merkeziň gurluşygy we toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanyşlyk çäresine gatnaşýan germaniýaly dünýä belli professor lukmanlar şekil taslamalarynda görkezilýän enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary olaryň onkologiýa keseliniň öňüni almak, bejermek bilen baglanyşykly mümkinçilikleri barada maglumat berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmanlar bilen söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen saglygy goraýyş we onkologiýa boýunça netijeli gatnaşyklary edýändigini belledi.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda maslahat beriş, funksional anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, seljeriş intellektual bitewi sanly ulgam modullary, endoskopiýa, ulular üçin ambulator gemotologiýa, umumy şöhle bejeriş, sagaldyş-dikeldiş dermotologiýa, ylmy-kiliniki çagalar ambulator gemotologiýa, radiofarmoseptika önümçilik bölüminiň we beýleki ugurdaş otaglaryň, olarda oturdylan enjamlaryň şekil taslamalary we ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bar.

Soňra lukman Arkadag Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümleri bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň açylmagy bilen onuň bölümleriniň işiniň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny belläp, bu işleriň uzak geljegi nazarlamalydygyny belledi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!