| Ashgabat | 39°C
Medeniýet 12.08.2026, 16:59 5

Sankt-Peterburgdaky kinofestiwalda Magtymguly hakyndaky türkmen-özbek filmi görkeziler

Sankt-Peterburgdaky kinofestiwalda Magtymguly hakyndaky türkmen-özbek filmi görkeziler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinoçylarynyň bilelikde döreden «Magtymguly Pyragy» çeper filmi Sankt-Peterburg şäherinde 20–22-nji awgust aralygynda geçiriljek VII Halkara «Lendoc Film Festival» kinofestiwalynyň resmi maksatnamasyna girizildi.

Bu taryhy-biografik film Ýewraziýa giňişliginiň esasy kino forumlarynyň birinde sebitiň medeni mirasyny tanyşdyrar.

Kinofestiwala Türkmenistan, Özbegistan, Russiýa, Hytaý, Hindistan, Eýran we Belarus ýaly 13 ýurtdan 40 sany çeper we dokumental film gatnaşar.

Ýeri gelende bellesek, «Magtymguly Pyragy» çeper filmi eýýäm halkara meýdançalarynda hünärmenleriň we tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Film Aşgabatda geçirilen «Gorkut Ata» halkara kinofestiwalynda «Iň gowy çeper film» ugry boýunça baş baýraga, Türkiýede geçirilen «Turan» kinofestiwalynda birinji baýraga, Londondaky «ECG Film Festival» festiwalynda tomaşaçylaryň söýgüsi baýragyna mynasyp boldy.

Şeýle-de film Almatydaky «Ýewraziýa» we Kazandaky «Altyn Minbar» kinofestiwallarynyň bäsleşik maksatnamalaryna girizildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!