| Ashgabat | 39°C
Syýasat 11.08.2026, 14:01 7

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan topary döredilip bilner

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan topary döredilip bilner
Фото: https://tdh.gov.tm/

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan topary dörediler.

Bu baradaky egişli teklip düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň Owganystana iş saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde beýan edildi.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilelikdäki taslamalar barada aýtdy we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi.

Şeýle hem owgan tarapynyň beýan eden tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýdyp, Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini tassyklady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!