| Ashgabat | 38°C
Bilim 28.08.2026, 16:27 5

Ýaş alymlar we talyplar halkaraçylaryň bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

Ýaş alymlar we talyplar halkaraçylaryň bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

A. A. Gromyko adyndaky Daşary syýasaty öwreniş assosiasiýasy Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýewropa instituty, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň MDHGI-i we Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň GDA-nyň halkara gatnaşyklary boýunça ýaş hünärmenleriniň bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilýändigini yglan etdi.

Bäsleşik ýaş analitikler, diplomatlar, mugallymlar, žurnalistler, şeýle hem jemgyýetçilik-ynsanperwer ugurlary boýunça talyplar hem-de aspirantlar üçin niýetlenendir. Bäsleşige GDA gatnaşyjy döwletleriň 18 ýaşdan 35 ýaşa çenli raýatlary gatnaşyp bilerler.

Esasy ugur boýunça ýeňiş üçin 25 ýaşdan 35 ýaşa çenli ýaş alymlar, ylmy işgärler, mugallymlar, aspirantlar, ylmy-barlagçylar we žurnalistler bäsleşip bilerler.

Debýut ugry boýunça bolsa 18 ýaşdan 24 ýaşa çenli bakalawriat, hünär we magistratura talyplary, aspirantlar, ýokary okuw we ylmy edaralaryň işgärleri, ylmy-barlagçylar hem-de žurnalistler gatnaşyp bilerler.

Iň azyndan 50 gatnaşyjy Moskwada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýewropa institutynda we Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň MDHGI-de geçiriljek ýüzbe-ýüz final tapgyryna çagyrylar. Gatnaşyjylaryň ýol we ýaşaýyş çykdajylary guramaçylar tarapyndan doly tölenýär.

Arzalar we analitiki işler taslamanyň resmi saýty gromyko.ru/konkurs arkaly 20-nji sentýabra çenli kabul ediler.

Goşmaça maglumat almak üçin konkurs-gromyko@mail.ru elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!