Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşigi gaýtadan yglan etdi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň günorta böleginde ýerleşýän seýilgähde we onuň ýanaşyk ýerlerinde ekilen bag nahallaryny abadanlaşdyrmak üçin taslama işlerini, şol sanda şekil taslamasyny taýýarlamak boýunça yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini şu ýylyň 15-nji sentýabryna çenli uzaltdy.
Haýyşnamalar we teklipler ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde 15-nji sentýabra çenli kabul ediler hem-de resmileşdiriler.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:
+993 12 44-46-77
+993 12 44-46-64
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!