| Ashgabat | 13°C
Jemgyýet 17.08.2026, 14:02 5

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda göni howa gatnawy ýola goýlup bilner

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda göni howa gatnawy ýola goýlup bilner

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow bilen geçirilen duşuşykda aýdyldy.

Gepleşiklerde sürüjiler üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek we töleg amallaryny ýeňilleşdirmek, Farap — Alat serhet geçelgesiniň işini kämilleşdirmek, nobatlary we garaşmak üçin sarp edilýän wagty azaltmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de çalt zaýalanýan ýükler üçin aýratyn geçelge döretmek, bitarap çäkde ikinji köprüni gurmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýük daşamaga niýetlenilen awtoulag we demir ýol gatnawlaryny çaltlandyrmak, agram we ölçeg çäklendirmelerine täzeden garamak, iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!