Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösüşi bellenildi. Şeýle hem energetika, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, söwda hem-de maýa goýum işjeňligi ulgamynda hyzmatdaşlygy artdyrmagyň geljegine seredildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!