Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulaglar we harytlar boýunça elektron deslapky maglumat alyşmak ulgamy işe girizildi
Şu ýylyň awgust aýyndan başlap Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ýola goýuldy.
Deslapky maglumatlary alyşmak, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasyndaky ylalaşyga we bu ylalaşygyň Tehniki şertlerine laýyklykda, maglumat ulgamlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Özara elektron maglumat alyşmak, iki ýurduň arasyndaky özara söwda statistikasynyň hilini we ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!