| Ashgabat | 36°C
Jemgyýet 14.08.2026, 12:27 3

Arkadag şäherindäki metjit “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip resmileşdirildi

Arkadag şäherindäki metjit “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip resmileşdirildi

13-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Geçirilen iş maslahatyna din wekili Ý.Hojagulyýew hem çagyryldy. Ol Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen metjidi tutuş halkymyzdan gelip gowşan teklipler nazara alnyp, “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigi we onuň Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli derejede resmileşdirilendigi baradaky hoş habary ýetirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi şäheriň täze metjidini “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli anna güni “Märkaw” medeni-dynç alyş merkezinde toý sadakasyny bermek baradaky teklibi öňe sürdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy teklibi oňlap, toý sadakasynyň anna günde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!