| Ashgabat | 31°C
Sport 16.08.2026, 12:45 2

Mahaçew UFC ýaryşynda ýeňdi

Mahaçew UFC ýaryşynda ýeňdi

Russiýaly türgen ýarym orta agramda irlandiýaly Ien Gerrini ýeňip, UFC çempionlyk derejesini gorady. Tutluşyk ähli bäş raund boýunça dowam etdi we eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen rus türgeniň ýeňşi bilen tamamlandy.

Mahaçew UFC taryhynda iň uzak ýeňişli tapgyr boýunça täze rekord goýdy. Häzirki wagtda Mahaçewiň hasabynda 29 ýeňiş we bir ýeňiliş bar. Ol ýeke-täk ýeňilişini UFC-däki ikinji tutluşygynda, 2015-nji ýylyň 3-nji oktybrynda birinji raundda braziliýaly Adriano Martinsden nokaut arkaly alypdy.

Gerri bilen tutluşykdan ozal Mahaçew agram kategoriýalaryna garamazdan UFC-niň iň gowy türgenleriniň reýtingine birinjiligi eýeleýär. 28 ýaşly Gerriniň hasabynda 17 ýeňiş we iki ýeňiliş bar. Ol UFC-niň ýarym orta agramy boýunça reýtingde ikinji orny eýeleýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!