| Ashgabat | 39°C
Jemgyýet 14.08.2026, 16:04 4

Türkmenistanyň günbatar sebitindäki halyçylar äpet haly dokaýarlar

Türkmenistanyň günbatar sebitindäki halyçylar äpet haly dokaýarlar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümindäki Gyzylarbat Çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary häzirki wagtda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna guşly gölli äpet haly dokalýar.

Bu äpet halynyň düşegi ak, ini 23 metr, boýy 12 metr bolup, umumy meýdany 276 inedördül metrden ybaratdyr. Äpet halyny jemi iki çalşygyň dowamynda 84 halyçy dokaýar.

Ýeri gelende bellesek, äpet halyny awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlap, bellenilen möhletde ýokary önümçilik talaplaryna laýyklykda tabşyrmak göz öňünde tutulýar diýlip, habarda bellenilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!