CAREC-iň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow Gazagystanyň ilçisi bilen duşuşdy
Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama edarasynyň (CAREC) direktory Mergen Kepbanow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Askarowiç Nogaýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Mergen Kepbanow Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň alyp barýan işleri barada maglumat berip, guramanyň işiniň esasy ugurlary, durmuşa geçirilýän sebit başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanda onuň goldawy bilen geçirilen çäreler barada gürrüň berdi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda 2027-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Dag sammitiniň çäklerinde Howanyň üýtgemegi boýunça 9-njy Merkezi Aziýa maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. Taraplar Türkmenistanyň sebitiň howa başlangyçlaryna mundan beýläk-de gatnaşmagynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Mergen Kepbanow Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki «Green University» (Ýaşyl uniwersitet) bilen hyzmatdaşlygy barada durup geçdi we Türkmenistandan bolan dalaşgärleri uniwersitetiň okuw maksatnamalaryna çekmek hem-de olary habardar etmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!