Ýurdumyzdan wekiliýet Özbegistanda geçýän media maslahatyna gatnaşýar
24 – 29-njy awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forumy geçirilýär. Bu giň möçberli foruma ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň esasy bölegi Daşkent şäherinde Özbegistanyň Yslam siwilizasiýasynyň merkezinde geçýär. 21-nji awgustda forumyň açylyş dabarasy boldy. Soňra halkara media forumy öz işine başlady.
Umumy mejlisde çykyş edenler häzirki zaman resminamalaýyn filmleriň meseleleri, filmi döretmegiň esasy ugurlary we bu ugurda toplanan tejribeler barada düýpli maglumatlara esaslanýan çykyşlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdiler.
27-nji awgustda «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forum Samarkant şäherinde dowam eder. Foruma gatnaşyjylar maksatnama laýyklykda, şäheriň taryhy-medeni mirasyna degişli ýadygärlikler toplumy bilen tanyşarlar.
28-nji awgustda bolsa halkara forumyň jemleýji umumy mejlisi geçiriler. Şeýle hem şol gün forumyň ýapylyş dabarasy bolar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!