Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar
Şu ýylyň 28–30-njy awgusty aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we Syýahat» žurnaly tarapyndan gadymy Köneürgenje syýahat guralar.
Gatnaşyjylara gadymy Köneürgenjiň taryhy ýadygärliklerine demir ýol arkaly syýahat etmek teklip ediler. Bu gezelenç gadymy şäheriň binagärlik we medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Gatnaşmak isleýänler goşmaça maglumatlary aşakdaky telefon belgilerinden alyp bilerler.
(+99362) 50-36-50
(+99363) 27-66-74
44-01-40
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!