| Ashgabat | 28°C
Bilim 04.08.2026, 14:19 17

Beýik Britaniýanyň «Chevening» talyp haklary maksatnamasy okuwa çagyrýar

Beýik Britaniýanyň «Chevening» talyp haklary maksatnamasy okuwa çagyrýar

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2027–2028-nji okuw ýyly üçin «Chevening» talyp haklary maksatnamasyna gatnaşmak isleýänler üçin resminamalary kabul edip başlady.

Maksatnama Beýik Britaniýanyň Hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär we Birleşen Patyşalygyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bir ýylyň dowamynda magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär.

Maksatnama gatnaşmak üçin dalaşgärler www.chevening.org/apply internet sahypasynda hasaba alnyp, elektron görnüşindäki ýüz tutmany doldurmalydyrlar.

Resminamalar şu ýylyň 6-njy oktýabryna çenli kabul ediler.

Has giňişleýin görnüşdäki maglumatlary Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň www.gov.uk/government/world/turkmenistan resmi internet sahypasyndan we onuň sosial ulgamlardaky sahypalaryndan alyp bolýar.

Şeýle-de soraglaryňyzy ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk elektron poçtasyna ýazyp bilersiňiz.

Ýeri gelende bellesek, bu maksatnama mugallymçylyk hünärlerini we iňlis dilini öwrenmek boýunça okuwlary öz içine almaýar.

Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň 4-nji awgustdaky sanynda habar berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!