| Ashgabat | 36°C
Syýasat 14.08.2026, 12:30 4

Ahmet Demirok Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

Ahmet Demirok Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirokyň diplomatik işiniň tamamlanmagy mynasybetli hoşlaşyk kabul edişligi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ilçihananyň hyzmatdaşlary we dostlary gatnaşdy.

Ilçi Türkmenistandaky diplomatik işiniň bütin dowamynda görkezilen myhmansöýerlik we goldaw üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol türkmen-türk gatnaşyklarynyň iki halkyň umumy taryhyna, dil we medeni taýdan ýakynlygyna esaslanýandygyny belläp, Aşgabatda işlän ýyllarynyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysadyýet, medeniýet we bilim ulgamlarynda has-da pugtalandyrylandygyny nygtady.

Şeýle-de ilçi Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ilçi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa we ýurduň daşary syýasat edarasynyň işgärlerine hem diplomatik işiniň bütin dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edendikleri üçin aýratyn hoşallygyny beýan etdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!