| Ashgabat | 28°C
Bilim 28.07.2026, 18:05 25

Fransiýada türkmen dilçileri fransuz dilini okatmagyň döwrebap usullaryny özleşdirýärler

Fransiýada türkmen dilçileri fransuz dilini okatmagyň döwrebap usullaryny özleşdirýärler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy Resul Orazberdiýew we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili mugallymlary Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäherinde hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýar.

Halkara hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu çäre meşhur «Frankofoniýa» merkezi tarapyndan guramaçylykly geçirilýär.

Okuwlaryň çäklerinde türkmen hünärmenleri fransuz dilini okatmagyň häzirki zaman innowasion usullary hem-de lingwistik metodikalar bilen ýakyndan tanyşýarlar.

Sapaklar tamamlanandan soňra gatnaşyjylara degişli halkara şahadatnamalar gowşurylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!