Siziň hem çagaňyz emeli aňy ulanýarmy?
Emeli aňy ulanmak mekdep okuwçylaryna öý ýumuşlaryny çalt ýerine ýetirmäge kömek edýär. Emma bu ýagdaý synaglaryň netijelerine ters täsir edip biler.
27 müňe golaý hytaýly okuwçylarda seljerilen maglumatlara görä, emeli aň ulanylyp başlanandan soň, öý ýumuşlary üçin bahalar ortaça 18% ýokarlandy, olary ýerine ýetirmegiň wagty bolsa 30% azaldy.
Şol bir wagtyň özünde, eýýäm alty aýdan soň aýlyk synaglarynyň netijeleri, takmynan, 20% peseldi.Ýokary okuw jaýyna giriş synaglarynda peselme 18%-den 24%-e çenli boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!