| Ashgabat | 28°C
Watan Habarlar 01.07.2026, 22:26 62

Gökdepe etrabynda we Aşgabat şäherinde suw hojalygynyň täze desgalary açyldy

Gökdepe etrabynda we  Aşgabat şäherinde suw hojalygynyň täze desgalary açyldy

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda we Aşgabat şäherinde suw hojalygynyň täze desgalary açyldy. Gökdepe etrabynyň çägindäki ekin meýdanlaryny suwarmak maksady bilen gurlan, 21-nji we 22-nji suw göteriji beketleri arkaly umumy meýdany 6 müň 198 gektara barabar bolan oba hojalyk ekin meýdanlary sanly ulgam arkaly tygşytly usulda suwarylar. Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň 793-nji kilometrinde gurlan suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desga kuwwatlylygy sekuntda 181 kub metr suwy geçirmäge deň bolup, ähli işler awtomatiki ýagdaýda dolandyrylýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!