Köýtendagyň täsinliklerini ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginde Tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkow gaznasynyň, «Conservation X Labs» guramasynyň, Slowak speleologiýa jemgyýetiniň, Gumboldt adyndaky Berlin uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we klimatyň üýtgemegi boýunça milli komitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň wekilleriniň gatnaşmagynda gibrid görnüşde duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň maksady «Köýtendagyň karstlary, kanýonlary we gowaklary» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň transmilli obýekti hökmünde taýýarlamak, obýekti hödürlemek boýunça Ýol kartasynyň häzirki ýagdaýyny hem-de meýdan ekspedisiýalarynyň netijelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Halkara bilermenler 2026-njy ýylyň ýazynda Köýtendag we Surhan döwlet tebigy goraghanalarynda geçirilen meýdan ekspedisiýalarynyň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky dinozawr yzlarynyň suratlary görkezilip, olar Türkmenistandaky yzlar bilen deňeşdirildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň halkara derejede ykrar edilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan gowaklaryň suratlary görkezildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar deslapky bahalandyrma baradaky haýyşnamany taýýarlamagyň barşyny, şol sanda obýektiň serhetlerini kesgitlemegi, onuň esasy aýratynlyklaryny we atributlaryny tapawutlandyrmagy, esasy howplary seljermegi, dolandyryş meselelerini, şeýle hem resminamalary ylalaşmagyň we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň komitetine hödürlemegiň tertibini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!