| Ashgabat | 28°C
Bilim 26.07.2026, 14:59 25

Türkmen talyplary Florensiýa şäherinde guralýan tomusky tejribe-okuw saparyna gatnaşýarlar

Türkmen talyplary Florensiýa şäherinde guralýan tomusky tejribe-okuw saparyna gatnaşýarlar
Фото: https://education.gov.tm/

Ýakynda “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda” bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýokary hünär bilimine degişli öňdebaryjy usullary we özara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Italiýa Respublikasynyň Florensiýa şäherine ugradyldy.

Bu tomusky tejribe-okuw sapary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasyndan gelip gowşan çakylyk haty esasynda guraldy.

Häzirki wagtda tejribe-okuw saparynyň ikinji tapgyry dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi internet saýty habar berýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!