Singapurdaky halkara olimpiadasynda türkmen okuwçylary üstünlik gazandylar
Singapurda matematika ugry boýunça geçirilen VII halkara «Copernicus» olimpiadasyna türkmenistanly okuwçylar ilkinji gezek gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagy başardylar.
Ýurdimiziň topary ilkinji çykyşynda jemi 6, 1 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medala mynasyp boldular.
Mary şäherindäki «Belent bilim» okuw merkeziniň okuwçysy Aýjeren Muhammetnazarowa altyn medal gazandy.
Mary şäherindäki «Belent bilim» okuw merkeziniň okuwçysy Dawut Muhammetnazarow, Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Geldimyrat Saryýew we Balkan welaýatynyň Hazar şäherindäki 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Emirmuhammet Sabyrow kümüş medala mynasyp boldular.
Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Ahmet Bagtyýarow hem-de 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Melike Begliýewa bolsa, bürünç medal gazandylar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!