| Ashgabat | 28°C
Bilim 30.07.2026, 10:48 22

Türkmen ýaşlary Hytaýdaky halkara tomusky maksatnama gatnaşdylar

Türkmen ýaşlary Hytaýdaky halkara tomusky maksatnama gatnaşdylar

Türkmenistanly talyplar 19 – 25-nji iýul aralygynda Pekinde geçirilen «Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026» atly halkara tomusky maksatnama gatnaşdylar.

Maksatnamada dünýäniň 16 döwletinden 80-den gowrak ýaşlar bar.

Bu halkara maksatnama ýurdumyzdan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary we Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky aýratyn zehinli ýaşlar mekdebiniň, A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.

Tomusky dynç alyş möwsüminde guralan bu çäre dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de tejribe alyşmakda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!