| Ashgabat | 28°C
Bilim 18.07.2026, 12:38 28

Türkmenistan – Gruziýa: 5 sany ýokary okuw jaýlary bilen Ähtnama gol çekildi

Türkmenistan – Gruziýa: 5 sany ýokary okuw jaýlary bilen Ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi.

Resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle-de, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!