| Ashgabat | 28°C
Watan Habarlar 28.07.2026, 22:12 28

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

28-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan daşary syýasat işinde abraýly halkara guramalar, hususan-da, maliýe we bank ulgamynda işleýän guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi, ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş we ykdysady ösüş strategiýasynyň amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň agzasy bolup durýandygyny, bu bank bilen söwda-ykdysady, maliýe-bank ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde energetika, ulag, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary görkezdi.

Şeýle-de, ulag-logistika ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygyny emele getirmekde berk esas bolup durýandygyny belledi hem-de köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Ýurdumyz energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara ýa-da täze başlangyçlara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Çeşmesi: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!