| Ashgabat | 28°C
Watan Habarlar 21.07.2026, 11:04 39

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky  hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Hanym Sýaoszýun Greýs Wan döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Sýaoszýun Greýs Wany Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde alyp barjak jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Baş sekretar Antoniu Guterrişe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi.

Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!