Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrini kabul etdi
27-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti ýurda sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp Prezidenti Masud Pezeşkianyň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň ýurda saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy we ulag-kommunikasiýa ýaly pudaklarda netijeli we özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär. Hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli işjeňleşdirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de myhman netijeli döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!