| Ashgabat | 28°C
Bilim 06.07.2026, 16:40 53

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Hytaýda hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Hytaýda hünär derejesini  kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler

Şu ýylyň 28-nji iýunyndan 7-nji iýuly aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Hytaý Halk Respublikasynyň Sian we Çende şäherlerinde ýerleşýän Sian nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetinde “Gazylyp alynýan magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” hem-de “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary” ugurlaryna degişli hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler. Gatnaşyjylar taýýarlanylan ýörite meýilnama laýyklykda Sian nebit uniwersiteti hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen tanyşarlar, Geologiýa muzeýlerine, “LONGi Green Energy Technology Co., Ltd.” kärhanasyna, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine baryp görerler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi internet saýty habar berýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!