Amerikada mugt okuw
Amerikada mugt okuw Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2027-2028 -nji okuw ýyly üçin “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky” maksatnamasyna arzalary kabul edýändigini habar berýär. Maksatnama jemgyýetçilik pudagynda üstünlikli işläp ýören orta derejeli hünärmenlere alymlyk derejesini hödürlemezden, 10 aýyň dowamynda ABŞ-da okuw we hunär işini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Dalaşgärleriň ýokary bilimi we 2026-nji ýylyň awgust aýyndan öňki ýagdaýda azyndan bäş ýyl iş tejribesi bolmalydyr. Şeýle-de olar iňlis dilini TOEFL boýunça 72 bal, Duolingo boýunça 100 bal ýa-da IELTS boýunça 6.0 bal derejede bilmelidirler. Diňe gürrüňdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärler ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan TOEFL synagyna hasaba alynarlar. Anketalar şu ýylyň 17-nji iýulyna çenli kabul ediler. Anketany internet arkaly ekranda görýän internet salgysyna iberip bilersiňiz. https://apply.iie.org/huberthhumphrey Goşmaça maglumat üçin ekranda görýän elektron salgysyna we telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz AshgabatEducation@state.gov Tel.: (+99312) 473503; 473506; 473581; 473584 Faks: (+99312) 473529
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!