| Ashgabat | 28°C
Tenderlar
Ähli Çig mal we düzüm bölekleri Önümçilik enjamlary Ulag we logistika Hyzmatlar Edaralar uçin enjamlar Gurluşyk Maddy-tehniki serişdeler
Все статусы Açyk Ýapyk
Maddy-tehniki serişdeler Açyk
“Türkmennebit” DK ýöriteleşdirilen tehnikany we atiýäçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan etdi
“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №118/4 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan etdi. Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler. Lot №4 – Awtoulag, traktor, ýöriteleşdirilen enjamlar, bölekler we ätiýaçlyk şaýlar Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri” we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 575 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Bäsleşik teklipleri bildiriş 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz. Telefon belgileri: +993 12 40-39-90 +993 12 40-39-93 +993 12 40-39-83 +993 12 40-36-04 Faks: +993 12 40-39-39 Elektron salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Maddy-tehniki serişdeler Açyk
“Türkmengaz” DK maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi
“Türkmengaz” döwlet konserni maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №T/GAZ-036 açyk bäsleşik yglan etdi. Lot №2 – Tehnologik enjamlary Lot №3 – Elektrotehniki enjamlar, gözegçilik-ölçeg enjamlary we awtomatlaşdyryş Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Zerur maglumatlary www.oilgas.gov.tm salgysyndan ýükläp alyp bilersiňiz. Tendere gatnaşmak üçin teklipler 30.09.2026 ýerli wagt bilen sagat 15.00 çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz. +993 12 40-37-39, +993 12 40-37-40 +993 12 40-37-41, +993 12 40-37-42 Faks: +993 12 40-37-45 Elektron salgysy: info@turkmengaz.gov.tm. odum@turkmengaz.gov.tm Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56