| Ashgabat | 25°C
6

Turkmenhype näme?

Turkmenhype näme?

Türkmenistanda internet ulgamynyň, sosial torlaryň we sanly tehnologiýalaryň giňden ýaýramagy telekeçiligiň ösüşine düýpli täsir etdi. Adaty mahabat görnüşleri barha öz ornuny sanly platformalara — Instagram, TikTok we YouTube ýaly ulgamlara berýär. Turkmenhype ýerli bazarda uly üstünlikler gazanan we brendleriň ösüşine itergi berýän öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanýar.

Turkmenhype Aşgabat şäherinde ýerleşýän, SMM we marketing ugurlaryna ýöriteleşen kompaniýa bolup, onuň esasy ugry sosial ulgamlarda brendleriň täsirini ýokarlandyrmak we müşderiler bilen ýakyn aragatnaşyk saklamakdyr. Kompaniýa her bir müşderiniň maksadyna we aýratynlyklaryna görä ýöriteleşdirilen strategiýalary taýýarlaýar we durmuşa geçirýär.

Kompaniýa ýerli kärhanalara, hususy telekeçilere we iri brendlere öz harytlaryny hem-de hyzmatlaryny internet giňişliginde professional derejede tanatmaga kömek edýär. Anyk netijeler we statistika kompaniýanyň esasy ýörelgeleriniň biridir.

Turkmenhype öz iş tejribesinde 30-dan gowrak iri müşderi bilen işleşip, 100-den gowrak üstünlikli taslamany amala aşyrdy. Agentligiň netijeliligi mysallarda aýdyň görünýär.

“Täze Aý” hususy kärhanasy Türkmenistanyň öňdebaryjy şöhlat önüm öndürijileriniň biri bolup, kompaniýa onuň sosial mediadaky ornuny berkitdi.

“Novada Steakhouse” 6 ýylyň dowamynda Instagram-da we TikTok-da müňlerçe yzarlaýjy toplap, uly netijelere ýetdi.

“Päkize” 18 aýyň dowamynda TikTok-da 44 milliondan gowrak umumy görülme gazanyp, haryt nyşanynyň tanalmagyny ýokarlandyrdy.

“Tudana” bolsa 5 ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda sosial torlarda uly meşhurlyga eýe boldy.

Kompaniýanyň ýene bir aýratynlygy onuň resmi internet saýtynyň bolmagydyr. Internet saýtynda kompaniýa bilen bagly ähli maglumatlary tapyp bolýar.

Netijede, Turkmenhype diňe bir mahabat agentligi däl, eýsem Türkmenistanda sanly medeniýetiň we biznes aragatnaşygynyň ösüşine goşant goşýan döredijilik merkezidir.

Paýlaşmak: