| Ashgabat | 25°C
Gyzykly maglumat 13.10.2026, 13:08 4

Puluň syrly taryhy we täsin faktlar

Puluň syrly taryhy we täsin faktlar

Puluň gelip çykyşyny, taryhy atlaryny we üýtgeşik görnüşlerini öwrenmek diňe bir dünýägaraýşy giňeltmän, eýsem maliýe sowatlylygyna hem gyzyklanma döredýär. Aşakda adamzat taryhynda pul bilen bagly iň gyzykly maglumatlaryň käbiri jemlendi.

1787-nji ýylda Benžamin Frankliniň maslahaty bilen çykarylan ilkinji amerikan sentiniň ýüzünde «Öz işiň bilen bol» diýen sözler ýerleşdirilipdir.

1945–1946-njy ýyllarda Wengriýada pul örän güýçli derejede hümmetini ýitirdi. Şol döwürde çykarylan bir sekstillion pengölyk banknotyň hakyky bahasynyň bary-ýogy 20 amerikan sentine deň bolandygy aýdylýar.

Angliýanyň Garper Adams uniwersitetiniň alymlarynyň barlaglaryna görä, plastmassa (polimer) banknotlar adaty kagyz pullara garanyňda has arassa bolup, özünde mikroblary az saklap bilýär.

XVI asyrda Wenesiýada kiçijik şaý pula «gazeta» diýlipdir. Soňra ilkinji habar sahypalary şol bir şaý pula satylany üçin, «gazet» sözi metbugat neşirleriniň adyna öwrülipdir.

Angliýa banky tarapyndan bary-ýogy 40 sany öndürilen 100 million funt sterlinglik banknot dünýäniň iň ýokary nominally kagyz pullarynyň biridir. Şeýle hem 1 million funt sterlinglik banknotlar banklaryň özara hasaplaşyklary üçin ulanylypdyr.

Ginnesiň Rekordlar kitabyna görä, köpçülikleýin ulanylan iň uly banknotlaryň biri 2017-nji ýylda Malaýziýada çykaryldy. Onuň ölçegi 37 × 22 santimetre deňdir.

1921-nji ýylda Germaniýada metallaryň ýetmezçiligi sebäpli gyzyl farfordan teňňeler hem çykarylypdyr.

Rus imperiýasynyň taryhynda çykarylan iri altyn teňňeleriň agramy 16,6 gramdan 32,3 grama çenli ýetipdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!