Ýapon aerokosmos gözlegleri agentligi (JAXA) MMX zonduny kosmosa uçurdy
Ýapon aerokosmos gözlegleri agentligi (JAXA) älem giňişligini öwrenmekde täze bir sahypa açdy.
Edara Marsyň iň uly hemrasy bolan Fobosy öwrenjek MMX (Martian Moons eXploration) kosmos zonduny üstünlikli uçurdy.
Bu gözleg enjamynyň esasy maksady — dünýäde ilkinji bolup Fobos planetoidiniň ýüzüne gonmak we ol ýerden toprak nusgalaryny ýygnap, Ýere getirmekden ybaratdyr.
Kosmos gämisi Ýaponiýanyň Tanegasima kosmodromyndan täze «H-3» kysymly agyr göteriji raketanyň kömegi bilen äleme çykaryldy.
Raketadan bellenen wagtynda üstünlikli aýrylan zond eýýäm öz orbital ugruna düşdi.
Alymlar Fobosdan getirilmeli toprak nusgalary arkaly diňe bir bu hemranyň däl, eýsem Marsyň özüniň hem döreýiş taryhyny we syrlaryny açmagy maksat edinýärler.
Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministri Ýosihira Sekiniň bellemegine görä, bu taryhy missiýa diňe bir teoriki gözleg bilen çäklenmän, eýsem geljekde Marsa adamly ekspedisiýalary guramak üçin zerur bolan tehnologiýalary işläp düzmäge hem uly itergi berer.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!