| Ashgabat | 16°C
Syýasat 22.10.2026, 16:54 4

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň çykyşy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň çykyşy

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahat we sergi

Hormatly jenap Seýjers!
Hormatly kärdeşler!
Hanymlar we jenaplar!

Çakylyk üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirýärin. Şu günki söhbetdeşligimize arabaglanyşygy iş ýüzünde üpjün edýän hünärmenleriň — gazçylaryň, energetikleriň, gurluşykçylaryň, maýa goýujylaryň, TOPH taslama kompaniýasynyň hem-de owgan tarapynyň wekilleriniň gatnaşýandygyna şat.

Bir san bilen başlamak isleýärin: 153 kilometr. Bu TOPH gaz geçirijisiniň Serhetabatdan Hyrada çenli Owganystanyň çägindäki böleginiň uzynlygydyr. Gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda başlandy. Häzirki wagtda ugurda 700-e golaý türkmen hünärmeni we 300-den gowrak ýörite tehnika işleýär.

Işler bellenilen möhletlerde hem-de owgan hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Şu gün plenar mejlisde hem bellenilişi ýaly, bu bölek boýunça gaz iberilişine 2027-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow TOPH taslamasynyň sebit üçin iň möhüm taslamalaryň biri bolmagynda galýandygyny belläpdi.

Taslamanyň elektroenergetika bölegi we onuň umumy ösüşi barada panel boýunça kärdeşlerim Myrat Artykow, Muhammetmyrat Amanow we jenap Samun has giňişleýin maglumat berip bilerler.

Biziň düşünjämiz boýunça ugruň ygtybarlylygy üç zatdan emele gelýär.

Birinjisi — niýetler barada beýanatlar däl-de, ugurda alnyp barylýan anyk işler.

Men sözümi san bilen ýöne ýere başlamadym. Bu sanyň aňyrsynda kebşirlenen sepler, turbalaryň üpjünçiligi we birnäçe aýlap ugurda zähmet çekýän adamlar bar.

Ikinjisi — syýasatyň öňünden çaklap bolýan bolmagy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýalary bilen üç gezek tassyklandy. Ýakynda «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly Milli Konsepsiýa tassyklandy. Ol bu syýasatyň hukuk esaslaryny berkidýär.

Hyzmatdaşlarymyz üçin bu aýdyň düzgünleri aňladýar: biz gatnaşyklary deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi ýörelgelerinde gurýarys.

Üçünjisi — serişde binýady.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýär.

Bu binýadyň esasy dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz känidir. Ol tapgyrlaýyn özleşdirilýär we içerki hem-de daşarky bazarlara durnukly üpjünçiligi üpjün etmäge niýetlenendir.

Dördünji tapgyr barada şu gün Döwlet ministri eýýäm çykyş etdi. Indiki tapgyrlar, şol sanda üçünji tapgyr boýunça hem işler dowam edýär.

Biziň üçin diwersifikasiýa iki taraplaýyn häsiýete eýedir: alyjy üçin gazyň birnäçe çeşmesiniň bolmagy möhüm bolsa, üpjün ediji üçin hem birnäçe bazaryň bolmagy möhümdir.

Şonuň üçin biz bir wagtyň özünde üç ugry ösdürýäris: gündogar, günorta we günbatar.

Ilki bilen gündogar ugurdan başlaýyn. Bu uzak möhletleýin bazaryň nähili işleýändiginiň iň kämil mysaly bolmagynda galýar.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri, ýagny 17 ýyla golaý wagt bäri işleýär.

Şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, onuň üsti bilen 477 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi.

Alyjy üçin şeýle bazar üpjünçiligiň ygtybarlylygyny, üpjün ediji üçin bolsa islegiň durnuklylygyny aňladýar.

Bu bir gezeklik şertnamalar däl, eýsem onlarça ýyl üçin niýetlenen infrastruktura we ylalaşyklardyr.

Uzak möhletleýin gatnaşyklar diňe turbageçirijide däl, käniň özünde hem gurulýar.

Munuň mysaly şu panelde bar. Petronas kompaniýasy 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Hazar deňzindäki böleginde, ýagny 30 ýyla golaý wagt bäri işleýär.

2025-nji ýylda bu hyzmatdaşlyk dowam etdirildi: 1-nji blok boýunça önümi paýlaşmak baradaky täze şertnama hem-de konserne gaz ibermek baradaky uzak möhletleýin ylalaşyk baglaşyldy, şeýle hem taslama ADNOC XRG kompaniýasy goşuldy.

Petronas bilen hyzmatdaşlyk diňe Hazar şelfi bilen çäklenmeýär.

«Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny, şol sanda üçünji tapgyry enjamlaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin kompaniýa bilen gizlinlik hakynda ylalaşyk baglaşyldy.

Bu ugurda işler dowam edýär. Bu işler üçin hyzmatdaşlarymyza minnetdarlyk bildirýärin.

Günorta ugur — ýylda 33 milliard kub metre çenli gaz geçirmek üçin niýetlenen TOPH taslamasydyr.

Günorta Aziýa dünýäde energiýa isleginiň iň çalt artýan sebitleriniň biridir we taslama bolan gyzyklanma hem şunuň bilen düşündirilýär.

Häzirki wagtda esasy ünsümiz Serhetabat — Hyrat bölegini tamamlamaga gönükdirilýär.

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň döwlet «Afgan Gaz» kompaniýasynyň arasynda, şol sanda Hyrat welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gaz hyzmatdaşlygy baradaky memorandum möhüm amaly ädim boldy.

Ol şu ýylyň 10-njy awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu welaýata amala aşyran iş saparynyň dowamynda gol çekildi.

Günbatar ugur barada aýdylanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garaýşy 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda beýan edildi.

Gürrüñ Hazar deňziniň üsti bilen energiýa serişdeleriniň köpugurly üstaşyr geçirilmegi barada barýar.

Türkmenistan Hazar deňzindäki infrastrukturasyny, şol sanda Türkmenbaşy portuny umumy bähbitlerde we özara bähbitli esasda peýdalanmaga bermäge taýýardyr.

Möhüm zatlaryň biri hem gürrüňiň diňe turbageçirijiler barada däl, eýsem elektrik energiýasyny ibermek taslamalary barada hem gidýändigidir.

Şeýle diwersifikasiýa sebitlere dünýä energetika bazaryndaky üýtgemelerden gorag berýär.

Täze ugurlara çemeleşmämiz birmeňzeşdir: olaryň her biri anyk taslama hökmünde ösdürilýär.

Ilki tehniki görkezijiler kesgitlenilýär, soňra täjirçilik we hukuk şertleri taýýarlanylýar, diňe şondan soň maýa goýum kararlary kabul edilýär.

Şeýle tertip ähli gatnaşyjylara düzgünleri öňünden görmäge we işlerini meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Maýa goýujylara we tehnologik kompaniýalara hem şol çemeleşmäni hödürleýäris: anyk taslama, düşnükli wezipeler we ölçäp bolýan netije.

Sözümiň ahyrynda şuny aýtmak isleýärin.

Gaz geçirijisini birnäçe ýylda gurup bolýar. Emma ol uzak ýyllaryň dowamynda işlär we bu diňe biziň uly sarpa goýýan hyzmatdaşlaryň arasyndaky ynam bolan ýagdaýynda mümkindir.

Türkmenistan dialoga açyk we anyk tekliplere seretmäge taýýardyr.

Üns bereniňiz üçin sag boluň!

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!