Global Gas Centre merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Valérie Ducrot-nyň «Energetika arabaglanyşygy: serişdeleri umumy abadançylyga öwürmek» atly çykyşy
Hormatly ministrler, hormatly myhmanlar, hanymlar we jenaplar!
Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşýän Aşgabat şäherinde siziň bilen bile bolmak meniň üçin uly şatlykdyr.
Şu gün men Ženewada ýerleşýän bitarap meýdança bolan Global Gas Centre-niň adyndan çykyş edýärin. Biziň maksadymyz öndürijileri, sarp edijileri, üstaşyr döwletleri, maýa goýujylary we guramalary bir stoluň başyna jemlemekdir. Sebäbi biz gaz senagatynyň iň uly meselelerini dialog we hyzmatdaşlyk arkaly has netijeli çözmegiň mümkindigine ynanýarys.
Şeýle dialog üçin şu gün öňümizde duran mowzukdan — energetika arabaglanyşygyndan, aýratyn-da Türkmenistan ýaly bitarap döwletde bu meseläni ara alyp maslahatlaşmakdan has ýerlikli mowzuk ýokdur.
Ýönekeý bir pikiri bellemek bilen başlamak isleýärin.
Energetika howpsuzlygy seýrek ýagdaýda dünýäde näçe energiýanyň bardygy bilen bagly bolýar. Esasy mesele şol energiýanyň oňa mätäç adamlara we ykdysadyýetlere ygtybarly, elýeterli bahadan hem-de durnukly görnüşde ýetip bilmegidir.
Diňe serişdeleriň bolmagy ýurduň energiýa üpjünçiligini üpjün etmeýär. Muny baglanyşyklar üpjün edýär.
Indiki birnäçe minudyň dowamynda bäş mesele barada durup geçmek isleýärin: serişde binýadynyň möçberi, onuň töweregindäki artýan isleg, olary baglanyşdyrýan infrastruktura, eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasy we bularyň ählisini mümkin etjek maýa goýumlary.
1. Ägirt uly serişdelere daýanýan sebit
Ilki sanlardan başlalyň.
Türkmenistan dünýäniň iň iri tebigy gaz serişde binýatlarynyň birine eýedir. Çeşmä we ulanylýan usulyýete baglylykda, tassyklanan gaz gorlary takmynan 11 trillion kub metrden 13 trillion kub metrden hem ýokary möçberde bahalandyrylýar. Ygtybarly bahalandyrmalaryň ählisi diýen ýaly Türkmenistany dünýäniň ilkinji bäşligindäki ýurtlaryň hataryna goşýar.
Ýurdüň günortasynda ýerleşýän «Galkynyş» käni bolsa dünýäniň iň iri gaz känleriniň biridir.
Bu serişde binýady eýýäm işjeň peýdalanylýar. Türkmenistan diňe Hytaýa ýylda 30 milliard kub metrden gowrak gaz eksport edýär we şeýlelikde dünýäniň öňdebaryjy turbageçiriji gaz üpjün edijileriniň biri bolup durýar.
Emma men aýratyn bir zady nygtamak isleýärin.
Şeýle uly gorlar diňe milli baýlyk däldir. Olar tutuş sebit üçin strategik baýlykdyr.
Dünýä durnukly, ygtybarly we has pes uglerodly energiýa çeşmelerini gözleýän döwründe şeýle möçberdäki serişde binýady hem jogapkärçiligi, hem mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanda esasy gaz üpjün edijileriň biri bolmak üçin zerur şertleriň ählisi bar. Ol uzak möhletleýin alyjylaryň diňe bir möwsüm ýa-da belli bir baha döwründe däl, eýsem onlarça ýyllap bil baglap biljek hyzmatdaşydyr.
2. Goňşy sebitlerde artýan isleg
Indi töweregimizdäki karta seredeliň.
Günortada we gündogarda dünýäde energiýa isleginiň iň çalt ösýän sebitleriniň biri ýerleşýär.
Pakistanyň ilaty takmynan 240 million adama deňdir. Hindistanda 1,4 milliarddan gowrak adam ýaşaýar we ýurt häzirki wagtda takmynan 6 göterime deň bolan tebigy gazyň energetika düzümindäki paýyny 2030-njy ýyla çenli 15 göterime ýetirmegi maksat edinýär.
Owganystan, Eýran, Özbegistan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary hem ykdysadyýetlerini döwrebaplaşdyrýarlar, energetika hem-de senagat pudaklaryny giňeldýärler.
Bu ýurtlarda bir wagtyň özünde elektrikleşdirme, senagatlaşma we şäherleşme bolup geçýär.
Olara ygtybarly, uly möçberde elýeterli hem-de öý hojalyklary we senagat üçin amatly bahadan energiýa zerurdyr.
Gaz şeýle energiýany üpjün edip biler: elektrik energiýasyny öndürmek üçin ýangyç hökmünde, dökün we nebithimiýa önümlerini öndürmek üçin çig mal hökmünde, kömre we adaty ýangyç görnüşlerine garanyňda has arassa alternatiwa hökmünde, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýanyň artýan paýyny häzirki zaman elektrik ulgamynda netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýän çeýe çeşme hökmünde.
Ösüş üçin isleg we şol islegi kanagatlandyryp biljek üpjün ediji bar ýerinde iň logiki çözgüt — arabaglanyşykdyr.
3. Infrastruktura: mümkinçilik bilen abadançylygyň arasyndaky köpri
Şonuň üçin infrastruktura biziň şu günki gürrüňimiziň merkezinde bolmalydyr.
Turbageçiriji, kompressor stansiýasy, birleşdiriji ulgam ýa-da sebitleýin gaz ulgamy diňe tehniki detal ýaly görünmegi mümkin.
Emma hakykatda olaryň her biri öndüriji bilen sarp edijiniň arasyndaky köprüdir.
Türkmenistan munuň iş ýüzünde nähili işleýändigini eýýäm görkezdi.
Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçiriji ulgamy Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystanyň çäklerinden ýylda takmynan 55 milliard kub metr gaz geçirmek üçin niýetlenendir. Bu ulgam deňze çykalgasy bolmadyk öndüriji ýurdy dünýäniň iň uly gaz import ediji döwletleriniň biriniň üpjün edijisine öwürdi.
Ýurdüň içinde Gündogar — Günbatar gaz geçirijisi önümçilik sebitlerini eksport geçelgeleri bilen birleşdirdi. Hytaýa niýetlenen meýilleşdirilýän goşmaça gaz geçiriji bolsa kuwwaty ýene-de 30 milliard kub metr artdyrmaga gönükdirilendir.
Bular nazary düşünjeler däldir. Olar arabaglanyşygyň bazarlary döredýändiginiň anyk subutnamasydyr.
Arabaglanyşygyň giňeldilmegi durnuklylygy hem ýokarlandyrýar.
Bitewi gaz ulgamy üpjünçiligiň iň zerur ýerlere gönükdirilmegine mümkinçilik berýär, garaşylmadyk üýtgeşmeleriň täsirini peseldýär we diňe bir bazara baglylygyň töwekgelçiligini azaldýar.
Serhetüsti infrastruktura energetikadan hem has giň täsir edýär: ol ynamy döredýär.
Birek-biregiň üstünligine bagly bolan ýurtlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin güýçli sebäpler bolýar.
4. Diwersifikasiýa: has köp ugur, has uly durnuklylyk
Soňky birnäçe ýyl energetika pudagynyň ähli gatnaşyjylaryna bir sapagy görkezdi: diňe bir ugra, bir bazara ýa-da bir hyzmatdaşa baglylyk gowşaklyk döredýär.
Öndürijiler üçin eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek artykmaçlyk däl, eýsem esasly strategiýadyr.
Bu girdejileriň durnuklylygyny, bazarlaryň üýtgeýän şertlerinde çeýeligi hem-de has giň hyzmatdaşlar topary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy üpjün edýär.
Türkmenistan bu ugurda eýýäm öňe barýar.
Hytaýa barýan ýola goýlan gündogar ugur bilen birlikde, ýurt beýleki taslamalary hem ösdürýär. Her bir goşmaça ugur müşderileriň gerimini giňeldýär we öndürijiniň mümkinçiliklerini güýçlendirýär.
Sarp edijiler üçin diwersifikasiýa edilen üpjünçilik howpsuzlygy berýär. Öndürijiler üçin dürli eksport ugurlary durnuklylygy güýçlendirýär.
Bu iki taraplaýyn bähbitler biri-birine gabat gelýär we hut şu gabat geliş uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň binýadyny emele getirýär.
Şu ýerde Merkezi Aziýa gaz halkasy taslamasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Bu taslama Türkmenistanyň häzirki eksport borçnamalaryny saklamak bilen, türkmen gazyny Özbegistana, Gazagystana, degişli birleşmeleriň döredilmegi şertinde bolsa Gyrgyzystana we Täjigistana ýetirmek üçin goşmaça sebitleýin gaz ugruny döredip biler.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň soňky konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti turbageçiriji infrastruktura we elektrik energiýasynyň üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini nygtady.
Dünýä bazarlarynyň üýtgäp durýan şertlerinde energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ýurtlaryň arasynda uzak möhletli energetika gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.
Merkezi Aziýa gaz halkasy bu sebit üçin sözleri anyk hereketlere öwürmegiň aýdyň mysaly bolup biler.
5. Maýa goýumlary: arabaglanyşygyň hereketlendiriji güýji
Bularyň hiç biri öz-özünden amala aşmaýar.
Serhetüsti infrastruktura uly maýa talap edýär, uzak möhletlidir we çylşyrymlydyr.
Şeýle gerimdäki taslamalara öňünden çaklap bolýan kadalaşdyryjy-hukuk şertleri, maliýeleşdirmäge ýaramly gurluşlar, hökümetleriň we kompaniýalaryň bilelikdäki ygrarlylygy hem-de aýdyň uzak möhletli garaýyş zerurdyr.
Maýa goýujylara ynam gerek.
Şol ynam bolsa aç-açan düzgünlerden, durnukly hyzmatdaşlykdan we ygtybarly islegden döreýär.
Hökümetleriň, milli kompaniýalaryň, halkara energetika kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň we köptaraplaýyn guramalaryň her biriniň bu işde öz orny bar.
Türkmenistan öňe gitmäge taýýardygyny görkezdi. Ýurt öz çägindäki degişli bölekleri gurmaga milli derejede ygrarlylygyny görkezýär we halkara hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyga has-da açyk bolýar.
Bu gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde işlese, ozal mümkin däl ýaly görünýän taslamalar durmuşa geçirip boljak taslamalara öwrülýär.
Arabaglanyşyk we jogapkärçilik
Ýene bir möhüm ugra ünsi çekmek isleýärin.
Infrastruktura döredýän wagtymyz muny jogapkärçilikli ýerine ýetirmelidiris.
Arabaglanyşyk netijelilik, döwrebap infrastruktura we gaz gymmatlyk zynjyrynyň ähli böleklerinde metan zyňyndylaryny azaltmak bilen utgaşmalydyr.
Bu diňe bir howa meselesi bilen bagly talap däldir.
Bu gazy has bäsdeşlige ukyply, alyjylar üçin has özüne çekiji we uzak möhletli energetika geçişi bilen has sazlaşykly edýär.
Syzyntysyz, gowy ölçeg enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman gaz ulgamy gazyň energetika geçişindäki hyzmatdaş hökmünde mümkinçiliklerini görkezmegiň iň gowy usulydyr.
Dünýäniň ähli ýerindäki gaz pudagynyň gatnaşyjylary öz gaz gymmatlyk zynjyrlary boýunça zyňyndylary azaltmaga ygrarly bolmalydyrlar.
Herekete çagyryş
Sözümi jemläp, geljek üçin üç esasy ugra ünsi çekmek isleýärin.
Birinjiden — fiziki baglanyşyklary gurmak: gaz ulgamlaryny we serhetüsti birleşmeleri giňeltmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, iri taslamalary öňe ilerletmek gerek. Şeýlelikde, serişdeler olara hakykatdan hem mätäç bazarlara ýetip biler.
Ikinjiden — maýa goýumlary üçin şertleri döretmek: ähli taraplarda ynam döredýän durnukly hukuk we düzgünleşdiriji şertler, aç-açan hyzmatdaşlyk we uzak möhletli borçnamalar zerurdyr.
Üçünjiden — diwersifikasiýa etmek we birleşdirmek: öndürijileriň hem-de sarp edijileriň howpsuzlygyny güýçlendirýän birnäçe eksport ugurlaryny we bitewi sebitleýin ulgamlary ösdürmek gerek. Olar netijeliligiň we ekologiýa talaplarynyň iň ýokary ölçeglerine laýyk bolmalydyr.
Hanymlar we jenaplar!
Biziň öňümizde duran sowal bu sebitde serişdeleriň bardygy ýa-da ýokdugy barada däldir. Olar bar.
Esasy sowal — biz şol serişdeleri olara mätäç adamlara we senagat pudaklaryna birikdirmäge taýýarmy?
Men muňa taýýardyrys diýip ynanýaryn.
Bitarap platforma hökmünde Global Gas Centre degişli hyzmatdaşlary bir ýere jemlemek we özara baglanyşykly hem-de howpsuz energetika geljegine gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda dialogy dowam etdirmek arkaly bu işe ýardam bermäge taýýardyr.
Geliň, şu forumy diňe energetika arabaglanyşygy barada gürrüň etmek üçin däl, eýsem ony iş ýüzünde öňe ilerletmek üçin hem peýdalanalyň.
Köp sag boluň!
Valérie Ducrot
Global Gas Centre-niň ýerine ýetiriji direktory
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!