Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda eden çykyşy
Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda eden çykyşy
«Dünýä energetikasynyň geljegi: taslamalar, tehnologiýalar we ösüş»
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 21-nji oktýabry
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Hormatly myhmanlar, hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly 31-nji halkara maslahatda we sergide tüýs ýürekden mübäreklemek isleýärin.
Bu forum her ýyl döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny, öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň wekillerini bir ýere jemleýär. Siziň şu ýerde bolmagyňyz ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmanyň durnukly saklanýandygyny görkezýär. Biz bu ynama uly sarpa goýýarys.
Dünýä energetikasy giň gerimli özgerişlikleriň döwrüni başdan geçirýär. Ilatyň köpelmegi, senagatlaşma, sanly ykdysadyýetiň we emeli aňyň ösmegi ygtybarly energiýa üpjünçiligine bolan zerurlygy artdyrýar. Şol bir wagtyň özünde öndürijiler bilen sarp edijiler energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy, bahasy we ekologiýa talaplarynyň arasynda deňagramlylygy gözleýärler.
Şeýle şertlerde tebigy gaz esasy energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar. Uly gaz gorlaryna eýe döwletleriň hataryna girýän Türkmenistan bolsa ygtybarly üpjün ediji hökmünde bu deňagramlylyga öz goşandyny goşmaga taýýardyr.
Şu mejlisimiziň mowzugy — «Dünýä energetikasynyň geljegi: taslamalar, tehnologiýalar we ösüş». Türkmenistan üçin bu hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan energetika syýasatyndan gelip çykýan anyk gün tertibidir: energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak, önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek.
Biz gaz pudagynyň ösüşine diňe önümçiligiň artmagy hökmünde däl, eýsem täze känleri özleşdirmegi, infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmagy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy, ekologiýa netijeliligini ýokarlandyrmagy we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi öz içine alýan toplumlaýyn ösüş hökmünde garaýarys.
Esasy ugurlar Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenendir.
Hormatly kärdeşler!
Uzak möhletleýin maksatnamamyzyň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek bolup durýar.
Gaffney, Cline & Associates garaşsyz auditor kompaniýasynyň bahalandyrmagyna görä, onuň «Garaköl» we «Ýaşlar» gurluşlary bilen birlikdäki gorlary 27,4 trillion kub metr gaza barabardyr.
Bu serişdeler binýady içerki hem-de halkara bazarlara durnukly üpjünçilik üçin niýetlenendir.
2013-nji ýylda işe girizilen ilkinji tapgyr ýylda umumy taslama kuwwaty 30 milliard kub metr harytlyk gaza deň bolan üç sany gaz gaýtadan işleýän zawody öz içine alýar.
Dördünji tapgyr barada aýratyn durup geçmek isleýärin.
Bu ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda işleriň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Bu tapgyr ekspluatasiýa guýularyny burawlamagy we ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz taýýarlamaga niýetlenen desganyň gurluşygyny öz içine alýar.
Taslamanyň hyzmatdaşlarynyň biri Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy — CNPC-dir.
Işler tamamlanandan soň, müňden gowrak täze iş orny dörediler.
Biziň üçin dördünji tapgyr diňe goşmaça gaz möçberini däl, eýsem potratçylar, enjam üpjün edijiler we tehnologik hyzmatdaşlar üçin täze mümkinçilikleri hem aňladýar. Biz olaryň gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýäris.
Şol bir wagtyň özünde känleriň ösüşiniň tehnologik ygtybarlylygyň, senagat howpsuzlygynyň we serişdeleri netijeli ulanmagyň ýokarlanmagy bilen utgaşmagy biziň üçin möhümdir.
Hanymlar we jenaplar!
Gazyň eksporty konserniň işiniň iň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Hytaý Halk Respublikasy türkmen gazynyň iň uly import edijisidir.
Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri işleýär we şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, onuň üsti bilen 477 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi.
Bu tejribe infrastruktura we borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen berkidilen uzak möhletleýin ylalaşyklaryň ygtybarly hyzmatdaşlygyň binýady bolup hyzmat edýändigini görkezýär.
Biz hytaýly hyzmatdaşlarymyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris we ony mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris.
Taslamalarymyzyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi aýratyn orun eýeleýär.
Gaz geçirijiniň taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre çenli gaza deňdir.
Häzirki wagtda konsern Owganystanyň çägindäki Serhetabatdan Hyrada çenli bolan bölegi gurýar.
Işler bellenen möhletlere laýyk alnyp barylýar we bu ugur boýunça gaz iberilişine 2027-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär.
Biz bu taslama diňe energetika infrastrukturasynyň bir bölegi hökmünde däl, eýsem ykdysady hyzmatdaşlygy we sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrýan faktor hökmünde hem garaýarys.
Şu ugurda 10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Hyrat welaýatyna amala aşyran iş sapary möhüm amaly ädim boldy.
Saparyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň döwlet «Afgan Gaz» kompaniýasynyň arasynda, şol sanda Hyrat welaýatyna gaz üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan memorandum gol çekildi.
Gündogar, günorta we günbatar eksport ugurlarynda Türkmenistan ýurduň Hökümeti tarapyndan alnyp barylýan diwersifikasiýa syýasatyna eýerýär.
Biz bu ugurda öz borçnamalaryny ýerine ýetirýän, öňünden çaklap bolýan hyzmatdaş hökmünde bitarap döwlet derejesinde iş alyp barýarys.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Indiki möhüm ugur gaz pudagynyň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagydyr.
Energetika kompaniýasynyň netijeliligi häzirki wagtda barha köp sanly tehnologiýalara, awtomatlaşdyrmaga we intellektual dolandyryş ulgamlaryna bagly bolýar.
Şonuň üçin biz awtomatlaşdyrma, sanly modelirleme, känleri intellektual dolandyrmak we hünärmenleri taýýarlamak boýunça öňdebaryjy tejribä eýe halkara tehnologik kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris.
Ekologiýa jogapkärçiligine we metan zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berýäris.
Biziň üçin ekologiýa netijeliliginiň ýokarlanmagy önümçilik ygtybarlylygynyň berkemegi we tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagy bilen bile alnyp barylmalydyr.
Biz energetika kompaniýalary, halkara guramalar we maliýe institutlary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris.
Pudagymyzdaky çözgütler onlarça ýyl öňe niýetlenip kabul edilýär. Şonuň üçin biz üçin uzak möhletleýin borçnamalar, taslama maliýeleşdirilmesi we netijä bilelikde jogapkärçilik çekmäge taýýar hyzmatdaşlar möhümdir.
Biz hyzmatdaşlygy düşnükli düzgünleriň esasynda gurýarys: hyzmatdaşlar üçin deň şertler, aç-açan düzgünler we şertnamalaýyn borçnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi.
Konsern gaz çykarmak, gaýtadan işlemek, sanly tehnologiýalar we işgärleri taýýarlamak boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga açykdyr.
Pudagyň durnuklylygy diňe infrastruktura goýulýan maýa goýumlar bilen däl, eýsem adamlara goýulýan maýa goýumlar bilen hem kesgitlenýär.
Şonuň üçin milli hünärmenleri taýýarlamaga, tehnologik bilimleri geçirmäge hem-de halkara ylmy we tehnologik guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýäris.
Maslahatymyzyň mazmunly gepleşikler we anyk ylalaşyklar üçin meýdança öwrüljekdigine ynanýaryn. Konsern şeýle dialoga taýýardyr.
Ähli gatnaşyjylara netijeli iş arzuw edýärin.
Üns bereniňiz üçin sag boluň!
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!