Kino älemine sportdan gelen dünýä meşhurlary
Kino muşdaklary olary diňe ekrandaky batyrgaý keşpleri bilen tanaýan bolup bilerler. Ýöne bu meşhurlaryň köpüsi kadr arkasyndaky durmuşynda uly sportda ýokary derejelere ýetip, hatda dünýä hem-de Ýewropa çempiony bolmagy başaran hakyky türgenlerdir. Ine, sport meýdançalaryndan uly ekrana geçip, dünýä meşhurlygyny gazanan zehinler:
Çak Norris (karate): Film dünýäsine gelmezden öň, ol 1960-njy ýyllarda karate boýunça geçirilen ýaryşlarda uly üstünlikler gazandy. 1968-nji ýylda orta agram boýunça dünýä çempiony diýen ada eýe bolup, bu derejesini birnäçe ýyllap saklady.
Arnold Şwarsenegger (bodibilding): Köpler üçin ol «Terminator» hökmünde tanalýan hem bolsa, Arnold ilki bilen bodibilding dünýäsinde meşhur boldy. Ol ýaş wagtynda «Mister Ýewropa» we «Mister Älem» ýaly ýaryşlarda üstünlik gazandy. Şeýle hem «Mister Olimpiýa» titulyna jemi 7 gezek — 1970–1975-nji ýyllarda we 1980-nji ýylda mynasyp boldy. Soňra ol «Gerkules Nýu-Ýorkda», «Konan-warwar» we «Terminator» ýaly filmler arkaly kino äleminde hem uly meşhurlyk gazandy.
Jina Karano (garyşyk söweş sungaty — MMA): Zenanlaryň MMA söweşleriniň meşhurlaşmagyna uly goşant goşan Jina kino älemine geçmezden öň 7 ýeňiş we 1 ýeňliş bilen tanaldy. Onuň 2009-njy ýylda Kris Saýborg bilen geçiren duşuşygy zenanlaryň MMA-synyň taryhyndaky möhüm duşuşyklaryň biri boldy. Soňra ol «Haywire», «Forsaj 6» we «Dedpul» ýaly filmlerde çykyş etdi.
Dolf Lundgren (Kýokuşinkaý karate): «Rokki IV» filmindäki Iwan Drago keşbi bilen tanalýan şwesiýaly aktýor durmuşda hem hakyky karate ussadydyr. Ol 1980–1981-nji ýyllarda karate boýunça geçirilen Ýewropa ýaryşlarynda üstünlik gazandy. Himiýa inženerligi boýunça ýokary bilim alan Lundgren söweş sungatlary boýunça tejribesini kinoda hem üstünlikli peýdalandy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!