| Ashgabat | 26°C
Saglyk 09.10.2026, 12:10 4

Balyň saglyga we gözellige täsiri

Balyň saglyga we gözellige täsiri

Bal witaminlere we minerallara baý tebigy önümdir. Onda A, B, C, E we K witaminleriniň bardygy bellenilýär. Şeýle hem onuň düzüminde magniý, kaliý, kalsiý, natriý, fosfor, hlor, kükürt, sink, ýod, mis we demir ýaly makro we mikroelementler bar.

Balyň uglewod düzümini esasan glýukoza we fruktoza emele getirýär. Olar beden tarapyndan ýeňil özleşdirilýär. Şonuň üçin bal gadymdan bäri iýmit hökmünde hem-de halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelýär.

Bal kosmetologiýada hem giňden peýdalanylýar. Ol dürli deri we saç ideg serişdeleriniň düzümine goşulýar. Bal esasynda dürli kosmetiki örtükler, kremler, şampunlar we beýleki serişdeler taýýarlanylýar.

Şeýle kosmetiki serişdeleriň deriniň ýumşaklygyny we sagdyn görnüşini saklamaga, saçlara bolsa ýalpyldawuk we güýçli görnüş bermäge ýardam edýändigi aýdylýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!