C witamini ganyň rakdan öňki ýagdaýynda ölüm howpuny iki essä golaý azaldyp biler
Her gün ýokary möçberde C witaminini kabul etmek ganyň rakdan öňki ýagdaýy bolan näsaglarda ölüm howpuny iki essä golaý azaldyp, agyr gaýra üzülmeleriň öňüni almaga ýardam edip biler. Wan Andel institutynyň (ABŞ) we Kopengagen uniwersitet hassahanasynyň (Daniýa) hünärmenleri geçiren EVITA halkara barlagynyň netijesinde şeýle netijä geldiler.
EVITA halkara barlagyna ganyň rak keseline ýykgynlygy bolan ýa-da keseliň irki tapgyry kesgitlenen 109 sany meýletinçi gatnaşdy. Gözlegçiler başda C witamininiň zyýanly öýjükleriň köpelmegini doly saklajagyna umyt bagladylar. Bu çaklama doly amala aşmadyk hem bolsa, barlagyň netijelerine görä, C witaminini kabul eden toparda käbir agyr gaýra üzülmeleriň sany azaldy.
Hususan-da, pnewmoniýa, ganazlyk hem-de içki gan akma ýaly howply gaýra üzülmeler az ýüze çykdy. Üç ýyllyk gözegçiligiň jemleýji görkezijilerine görä, plasebo alan toparda 24 adam aradan çykan bolsa, C witaminini yzygiderli kabul edenleriň arasynda bu görkeziji 11 adama deň boldy.
Käbir näsaglarda ýokary dozanyň aşgazana ýeňil täsir edendigi habar berilýär. Şeýle-de bolsa, barlagyň netijelerinde C witaminini alan toparyň umumy ýaşama görkezijileriniň has ýokary bolandygy bellenilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!