Mallara zyýan ýetirýän Şamonda wirusy adamlara geçdi
Fransiýada ozal diňe haýwanlara ýokuşýar diýlip bilinýän Şamonda wirusynyň taryhda ilkinji gezek adama geçendigi anyklandy.
«Reuters» gullugynyň habar bermegine görä, oktýabr aýynyň başynda hassahanada bejergi alýan näsag bu keselden aradan çykdy.
Şamonda wirusy öňden bäri mallara uly zeper ýetirýän Şmallenberg hem-de Akabane keselleri bilen bir hatarda durýar.
Näsagyň bu ýokanjy Fransiýanyň gündogar böleginde ýokuşdyrandygy çaklanylýar. Sebäbi 2026-njy ýylyň bahar we tomus aýlarynda şol sebitlerde mallaryň arasynda bu wirusyň ýaýramagy köpçülikleýin ýagdaýda hasaba alnypdy.
Ýokançlyk esasan mör-möjekleriň çakmagy arkaly geçýär we köplenç iri şahly mallara zyýan ýetirýär.
Bu wirus ilkinji gezek 1960-njy ýyllaryň ortalarynda Nigeriýada tapylypdy. Soňra bolsa Afrikanyň beýleki sebitlerinde we Ýaponiýada diňe haýwanlaryň arasynda hasaba alnypdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!