| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 16.10.2026, 13:03 3

Beýik Britaniýada suw howdanynda 4 müň ýyllyk gadymy öýler peýda boldy

Beýik Britaniýada suw howdanynda 4 müň ýyllyk gadymy öýler peýda boldy

Beýik Britaniýada emele gelen aşa yssy howa netijesinde Dewon graflygynda ýerleşýän Fernwort suw howdanynyň suw derejesi 30 göterime çenli aşak düşdi.

Suwuň çekilmegi bilen bu ýerde bürünç eýýamyna degişli gadymy obanyň galyndylary, şol sanda takmynan 4 müň ýyllyk 8 sany tegelek daş jaý ýüze çykdy.

Angliýanyň günorta-günbatar bölegindäki Dartmur milli parkynyň çäginde ýerleşýän bu suw howdanynda suw derejesiniň peselmegi gadymy ýaşaýyş ýerleriniň täzeden görünmegine sebäp boldy.

Arheologik barlaglar bu sebitde adamlaryň b.e.ö. 2300-nji ýyllardan bäri ýaşandygyny görkezýär. Şeýle hem ýakyn töwereklerde gadymy daş tegelekleri we depeler bar.

Bu ýaşaýyş ýerleriniň b.e.ö. 1000-nji ýyllarda terk edilendigi çak edilýär. Muňa garamazdan, hünärmenler bu ýerden has soňky döwürlere degişli tapyndylary hem ýüze çykardylar. Olaryň arasynda 1540-njy ýyllara degişli teňňeler we Týudorlar döwrüniň beýleki taryhy zatlary bar.

Britaniýanyň Daşky gurşawy goramak edarasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda ýurt boýunça suw howdanlarynyň dolulygy adaty görkezijiden 20 göterim pesdir.

Ýurtdaky 31 suw howdanynyň 12-sinde suw gory 50 göterime hem ýetmeýär, olaryň 8-sinde bolsa ýagdaý aýratyn çynlakaý derejä ýetdi.

Hünärmenler ýerasty suw gorlarynyň kadaly derejesine dolanyp gelmegi üçin birnäçe aýlap dowamly ýagynly howanyň zerurdygyny belleýärler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!