Özbegistanda 55 ýyldan soň ilkinji gezek türkmen gulakly ýarganaty ýüze çykaryldy
Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň alymlary daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde geçiren barlaglarynyň netijesinde ýurduň çäginde ozal duş gelinmedik seýrek biologik görnüşi — türkmen gulakly ýarganatyny ýüze çykardylar.
Ylmy ekspedisiýa sentýabr aýynda Türkmenistanyň serhedine golaý ýerleşýän «Günorta Üstýurt» milli tebigy seýilgähinde geçirildi. Gözleg işleri Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (IUCN) hem-de Germaniýanyň hökümetiniň goldaýan «Tebigaty goramakda bitewi saglyk» (One Health in Nature Conservation) taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Şu güne çenli bu seýrek görnüş baradaky maglumatlar esasan 1970-nji ýyllara çenli toplanan köne çeşmelere we muzeý eksponatlaryna esaslanýardy. Zoologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Mariýa Gritsynanyň bellemegine görä, soňky ýarym asyrdan gowrak wagtyň dowamynda bu ýarganata tebigy şertlerde diýen ýaly duş gelinmändi.
Zoolog Pýotr Strelkow bu haýwany gulakman çal ýarganatynyň (Plecotus austriacus) meňzeş görnüşleriniň biri hökmünde häsiýetlendiripdi. Friderike Şpitzenberger we onuň topary bolsa genetiki hem-de morfologik derňewleriň netijesinde türkmen gulakly ýarganatynyň özbaşdak görnüşdigini subut etdiler.
Bu gezekki tapyndy haýwanyň Özbegistanyň faunasynda hakykatdan hem bardygyny tassyklaýan ilkinji resmi subutnama boldy.
Mundan ozal, 2025-nji ýylda Berliniň Tebigy taryh muzeýiniň alymlary Türkmenistanyň Garagum çölüniň serhet ýaka zolagynda bu ýarganaty ýüze çykarypdylar we olaryň goňşy Özbegistanda hem ýaşamagynyň mümkindigi baradaky çaklamany öňe sürüpdiler.
Muzeý hünärmenleri Merkezi Aziýanyň çöl zolaklarynda klimatyň üýtgemegi we temperaturanyň ýokarlanmagy sebäpli ösümlik örtüginiň azalýandygyny, bu ýagdaýyň bolsa seýrek duş gelýän haýwanlaryň ýaşaýyş giňişligini daraldýandygyny belleýärler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!