| Ashgabat | 23°C
Sport 19.10.2026, 11:10 1

Urugwaýda «Wirtual kartlar» synagdan geçirilýär

Urugwaýda «Wirtual kartlar» synagdan geçirilýär

Urugwaýyň futbol assosiasiýasy ýerli hünärmenler bilen bilelikde meýdança eminleriniň adaty sary-gyzyl kartlaryny we kagyz depderçelerini çalyşjak täze elektron enjamy synagdan geçirip başlady.

Bu enjam arkaly eminler oýunçylara duýduryş berip, olary meýdançadan çykaryp bilýärler, şeýle hem duşuşygyň ähli maglumatlaryny göni federasiýanyň maglumatlar binýadyna geçirip bilýärler.

Täze taslama barada Futbol eminler assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marselo de Leon «El Espectador» radiosyna beren söhbetdeşliginde giňişleýin maglumat berdi.

«Wirtual kart» diýlip atlandyrylan bu enjam uly displeýden hem-de gyzyl we sary reňklere jogap berýän iki sany düwmeden ybarat.

Emin oýunça düzgün bozulmasyny görkezmek üçin degişli düwmä basýar we ekranda adaty plastik kartyň ýerine degişli reňk peýda bolýar.

Häzirki wagtda inženerler enjamyň displeýini islendik ýagtylykda aýdyň görkezýän görnüşe getirmek boýunça iş alyp barýarlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!