| Ashgabat | 32°C
Dünýaden 02.10.2026, 14:45 6

Ýuwaş ummanda läheň ýahtany batyrdy

Ýuwaş ummanda läheň ýahtany batyrdy

Ýuwaş ummanyň günorta böleginde kaşalot läheň «Tai Tam» atly ýahta zeper ýetirip, onuň batmagyna hem-de gäminiň ekipažynyň dört agzasynyň halas ediş salyna geçmegine sebäp boldy.

Olar 18 sagatdan soň MV Sofrana Surville atly konteýner daşaýjy gämi tarapyndan halas edildi.

Uzynlygy 15,8 metr bolan ýahta Norfolk adasynyň demirgazygyndan, takmynan, 463 kilometr uzaklykda ýüzüp barýarka, güýçli urga sezewar bolýar.

Şol wagt ýahtanyň dolandyryş böleginde bolan awstraliýaly Jemma Kuperiň aýtmagyna görä, örän güýçli urgynyň zarby gämini şolbada bir tarapa süýşüripdir we zenanyň özüni bir gapdala zyňypdyr.

Az salymdan ekipaž ýahtanyň çep tarapynda alty-sekiz sany kaşalot läheňini görüpdir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!