| Ashgabat | 25°C
Dünýaden 13.10.2026, 11:31 4

Siwasda Het imperiýasyna degişli täze toýun arhiwi ýüze çykaryldy

Siwasda Het imperiýasyna degişli täze toýun arhiwi ýüze çykaryldy

Arheologlar Türkiýäniň Kaýalypynar obasynyň golaýynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gadymy Samuha şäherine degişli 131 sany ýazgyly toýun tagtajygy we olaryň böleklerini tapdylar.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý özüniň «X» sahypasynda bu täze tapyndylar bilen birlikde arhiwdäki tagtajyklaryň sanynyň 184-e ýetendigini we munuň XXI asyrda tapylan iň uly het ýazgylary toplumydygyny mälim etdi.

Ýazgylarda ilatyň arasynda, aýratyn-da çagalaryň arasynda giňden ýaýran keselçilik beýan edilýär. Şeýle hem bir tagtajykda şa gyzynyň agyr kynçylyklardan soň dertden aradan çykyşy we dabaraly jaýlanyş dessury barada aýdylýar.

Arhiwde doga-jady, dürli dabaralar, şeýle hem guşlaryň uçuşyna we özüni alyp barşyna seredip geljegi çaklamak baradaky maglumatlar hem bar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!