| Ashgabat | 22°C
Jemgyýet 23.10.2026, 13:12 2

Samarkandda çagalaryň geljegine bagyşlanan halkara forum açyldy

Samarkandda çagalaryň geljegine bagyşlanan halkara forum açyldy

21-nji oktýabrda Samarkand şäherinde Çagalaryň abadançylygy boýunça Bütindünýä sammiti öz işine başlady.

Halkara derejedäki bu uly çäre 100-den gowrak döwletden 600-den gowrak myhmany, şol sanda degişli ministrlikleriň ýolbaşçylaryny, BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň, jemgyýetçiligiň wekillerini, şeýle hem çagalary we ýaşlary bir ýere jemledi.

Möhüm forum Özbegistanyň hökümetiniň guramagynda hem-de ÝUNISEF, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), BMG-niň Çagalara garşy zorluk baradaky Ýörite wekiliniň diwany we Bütindünýä banky ýaly abraýly düzümleriň ýakyndan goldaw bermeginde geçirilýär.

Sammitiň esasy maksady klimatyň üýtgemegi, ykdysady kynçylyklar, garyplyk we ynsanperwer kömeginiň azalmagy ýaly häzirki zaman ählumumy meseleleriň şertlerinde ösüp gelýän ýaş nesliň bähbitlerini goramagyň ulgamlaýyn ýollaryny gözlemekden ybaratdyr.

Maslahata gatnaşyjylar çagalaryň irki ýaşdan başlangyç bilim almagyna, sosial taýdan goldanylmagyna hem-de maýyplygy bolan çagalaryň bilim almagyna aýratyn üns berdiler.

Bu ugurda Özbegistanyň gazanan üstünlikleri aýratyn bellenip geçildi. Ýurtda çagalaryň arasyndaky garyplyk derejesi 21,5%-den 5,4%-e çenli peseldi, mekdebe çenli terbiýe bilen gurşalyp alnyş derejesi bolsa 27%-den 78%-e ýetirildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!