| Ashgabat | 23°C
Medeniýet 07.10.2026, 15:12 3

Norwegiýada ereýän buzlardan 6000 ýyllyk taryhy peýkam tapyldy

Norwegiýada ereýän buzlardan 6000 ýyllyk taryhy peýkam tapyldy

Norwegiýanyň Ýutunheýmen dag gerşinde «Secrets of the Ice» taslamasynyň çäklerinde üç hepdelik ekspedisiýa tamamlandy. Buzluklaryň eremegi netijesinde arheologlar ol ýerden 48 sany taryhy eýýamyň artefaktyny çykardylar.

Iň gadymy tapyndy buzda 5–6 müň ýyl töweregi ýatandygy çaklanylýan, ujy inçe slanes daşyndan ýasalan peýkam boldy.

Beýleki täsin tapyndylaryň arasynda ujy mollýuskanyň gabygyndan ýasalan we takmynan, 3600 ýyllap diýen ýaly bitewi saklanan peýkam, şeýle hem süňkden we demirden ýasalan peýkam uçlary bar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!